HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-nyň Minskdäki ştab-kwartirasynda täze türkmen Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Fewral 01, 2023 | 01:18 |10855
Sişenbe güni GDA-nyň Minskdäki ştab-kwartirasynda Gyrgyzystan Respublikasynyň baştutanlygynda GDA-nyň agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.Sişenbe güni GDA-nyň Minskdäki ştab-kwartirasynda Gyrgyzystan Respublikasynyň baştutanlygynda GDA-nyň agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Çeşme: предоставлено посольством Туркменистана в РБ

Sişenbe güni GDA-nyň Minskdäki ştab-kwartirasynda Gyrgyzystan Respublikasynyň baştutanlygynda GDA-nyň agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy - Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň baş sekretary Sergeý Lebedew we onuň orunbasarlary gatnaşdylar.

1.jpg

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi, GDA-nyň kanuny we beýleki guramalarynda Türkmenistanyň hemişelik dolyygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi – Arkadag şäheriniň gurluşygy barada tanyşdyryş doklady bilen çykyş etdi.

Şagulyýew täze Arkadag şäherinde häzirkizaman tehnologiýalarynyň we daşky gurşaw ülňüleriniň utgaşmagyna, adamlar barada alada bilen sosial meseleleriň innowasion çözgütlerine ünsi jemledi. Ilçi täze şäheriň diňe türkmen güýçleri bilen gurulýandygyny we taslamanyň durmuşa geçirilmeginde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ulanylýandygyny aýtdy.

2.jpg

Duşuşyga gatnaşyjylara akylly şäher düşünjesine laýyklykda durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamany wizual şekillendirýän täze Arkadag şäheri barada wideo görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026