HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: Syçuan täze doglanlaryň hasaba alnyşynyň düzgünini üýtgedýär

Fewral 02, 2023 | 10:21 |10415
Ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Hytaýyň Syçuan welaýaty täze doglanlaryň hasaba alnyşynyň täze düzgünlerini girizýär – diýip, China daily habar berýär.Ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Hytaýyň Syçuan welaýaty täze doglanlaryň hasaba alnyşynyň täze düzgünlerini girizýär – diýip, China daily habar berýär.
Çeşme: unsplash.com

Ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Hytaýyň Syçuan welaýaty täze doglanlaryň hasaba alnyşynyň täze düzgünlerini girizýär – diýip, China daily habar berýär.

Düzgünler 15-nji fewralda güýje girer we bäş ýylyň dowamynda hereket eder. Syçuanyň saglygy goraýyş komissiýasynyň wekilleriniň bellemeklerine görä, täze düzgünler hökümetiň ilatyň ösüşine bolan gatnaşygyna oňaýly syýasat hökmünde jogap bolup durýar we çaga dogurmaklygyň ýokary hilli we ynamly ulgamynyň döredilmegine, çagalara ideg edilmegine gönükdirilendir.

Täze girizilen düzgünlere görä, ähli aýallar, şol sanda nikasyz çaga dogran aýallar çagalaryny hasaba aldyryp, ýeňilliklerden peýdalanyp bilerler. Mundan beýläk ähli aýallar lukmançylyk kömegine, kömek pullaryna, şeýle hem çaga üçin orta mekdepde kepillendirilen ýere bil baglap bilerler.

Ýyl hasabynda alanyňda 60 ýylyň dowamynda ilkinji gezek 850 müň adam kemelip, 2022-nji ýylda Hytaýyň ilatynyň umumy sany 1,4118 milliard adama ýetdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026