Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy


Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde boldy.
Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerinde gatnaşyklar, kanunçykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alşylmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hem-de milli parlamenti bir palataly ulgama öwürmek barada kabul edilen çözgütler bilen tanyşdyryldy, şeýle hem bilelikdäki mejlisde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilendigi hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilendigi barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary kabul edildi.
Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti şu ýylyň martynda tamamlanylýar. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy rus parlamentarilerini ýurdumyzda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlaryna halkara synçylar hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Döwlet Dumasynyň Türkmenistana öz wekillerini ugratjakdygyny tassyklady.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýolunyň Russiýa bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, parlamentarileriň wezipesi parlamentara gatnaşyklarynyň üsti bilen ýurtlarymyzy ýakynlaşdyrmak, ösdürmek hem-de raýatlaryň abadançylygy, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri tapmakdan ybaratdyr.
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodin saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky Şöhrat» ýadygärligine gül goýdy hem-de milli gahrymanlarymyzy – Watan goragçylaryny we 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýertitremesiniň şehitlerini hatyralady.








