Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi


Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.
Duşuşugyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag we beýleki ulgamlary barada şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklary barada pikir alyşyldy.
Ynsanperwer ulgamda—ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar hem türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikleri, iki ýurduň halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.








