HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi

Ýanwar 30, 2023 | 21:48 |6002
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.

Duşuşugyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag we beýleki ulgamlary barada şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklary barada pikir alyşyldy.

Ynsanperwer ulgamda—ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar hem türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikleri, iki ýurduň halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026