HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wolodin «Hazar bäşligi» parlament formatynyň döredilmeginiň möhümdigini belledi

Ýanwar 31, 2023 | 10:38 |10231
Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň parlamentinde (Mejlisinde) çykyş etmek bilen, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin «Hazar bäşligi» parlament formatynyň döredilmeginiň möhümdigini belledi – diýip, «RIA Nowosti» habar berýär Döwlet Dumasynyň başlygynyň sözlerine görä, bu bäş Hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň baştutanlarynyň öňki gazanan ylalaşyklarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam eder.Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň parlamentinde (Mejlisinde) çykyş etmek bilen, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin «Hazar bäşligi» parlament formatynyň döredilmeginiň möhümdigini belledi – diýip, «RIA Nowosti» habar berýär Döwlet Dumasynyň başlygynyň sözlerine görä, bu bäş Hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň baştutanlarynyň öňki gazanan ylalaşyklarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam eder.
Çeşme: duma.gov.ru

Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň parlamentinde (Mejlisinde) çykyş etmek bilen, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin «Hazar bäşligi» parlament formatynyň döredilmeginiň möhümdigini belledi – diýip, «RIA Nowosti» habar berýär Döwlet Dumasynyň başlygynyň sözlerine görä, bu bäş Hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň baştutanlarynyň öňki gazanan ylalaşyklarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam eder.

«Hazarýaka ýurtlarynyň parlamentleriniň baştutanlarynyň gatnaşmagynda maslahat nobatma-nobat her döwletde bolup geçer diýip hasaplaýarys. <...> Assambleýanyň 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegini ara alyp maslahatlaşýarys» – diýip, Wolodin beýan etdi, şunda Hazar deňziniň barha artýan geosyýasy we ykdysady ähmiýetini görkezdi.

Şeýle hem ol parlament formatynyň çäklerinde döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etmegiň möhümdigini belledi.

«Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň bäşligine girýär (şol sanda Hytaýdan, Türkiýeden, BAE-den soňra. <...> biziň ýurtlarymyzyň prezidentleriniň we hökümetleriniň arasyndaky gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi özara söwdany ösdürmäge mümkinçilik berer. Gürrüň, ilkinji nobatda, ikitaraplaýyn özara gatnaşygyň esasy ugry – nebit-gaz pudagy hakynda barýar. Energetikada hyzmatdaşlygy, şol sanda täze ýataklaryň işlenip düzülmegini çuňlaşdyrmak gerek» - diýip, Döwlet Dumasynyň başlygy habar berdi.

Şeýle hem ol asyrlaryň dowamynda emele gelen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlik, başgalaryň bähbitlerine hormat goýmaklyk däpleri hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesinde öz dowamyny tapdy.

Döwlet Dumasynyň başlygy Wolodiniň baştutanlygyndaky wekiliýetiň Türkmenistandaky resmi sapary 29-30-njy ýanwarda bolup geçdi. RF-nyň Döwlet Dumasynyň başlygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň tutuş dowamynda ilkinji gezek türkmen parlamentinde çykyş etdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026