HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi.

Ýanwar 28, 2023 | 21:40 |8432
Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar  baradaky  döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň  rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.  
Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirkizaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berilýär.Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar  baradaky  döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň  rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.  
Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirkizaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berilýär.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: --Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir.

Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar.

VIII gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň giň toplumy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirkizaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berilýär.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gurultaýa gatnaşyjylara, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak bu gurultaýyň ähmiýetini nygtady.

“Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de aýdyň geljegi bolan ýaşlar - biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarsyň” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmalydyr. Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döredilmelidir. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulmalydyr. Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini tassyklady.

Bu resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyryp, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltmäge ýardam berer. Bular barada aýtmak bilen, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ösüşine gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrýandyklary, bu işlere ýaşlaryň çekilýändikleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen ýaşlarynyň bildirilen ýokary ynamy ödejekdiklerine ynandyrdy.

Foruma gatnaşyjylar “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň ähmiýetine ünsi çekdiler. Kanunda ýaşlar telekeçiligini ösdürmegiň usullaryny işläp taýýarlamagyň hem-de telekeçiler tarapyndan döredilen, işgärleriniň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolan we “ýaşlar kärhanasy” diýlip atlandyrylýan kärhanalara döwlet goldawyny bermek boýunça ýeňillikleriň göz öňünde tutulandygy bellenildi.

Bellenilişi ýaly, ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegini we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegini uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny belende galdyrmakda we ykdysady kuwwatyny artdyrmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň we goýulýan belent sarpanyň nyşany boldy. Ýaş nesliň wekilleri Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň: “Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdigine berk ynanýaryn!” diýen sözlerini uly buýsanç bilen kabul etdiler.

Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar we biragyzdan kabul etdiler. Bu jemgyýetçilik guramasynyň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlaryň öňünde goýan wezipelerini göz öňünde tutýar. Gurultaýa gatnaşyjylar täze tapgyrda Ýaşlar guramasynyň öňünde goýlan wezipelerden gelip çykýan Kararnamany biragyzdan kabul etdiler. Soňra guramanyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Arkadagymyz-Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Şu gezekki forum türkmen ýaşlarynyň agzybirligini, Watanymyzyň röwşen geljeginiň hem-de täze taryhy eýýamyň beýik taglymlarynyň dabaralanmagynyň hatyrasyna döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşýändiklerini ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.

Forumyň ahyrynda ýygnananlaryň öňünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlary hem-de Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň artistleri çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetiren edebi-sazly kompoziýalarynda Watanymyzyň ösüşi, döwletli döwran, bagtyýar ýaşlyk wasp edildi.


Günüň ikinji ýarymynda şanly waka mynasybetli Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýaşlaryň döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň gatnaşmagynda uly konsert boldy. Ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalary, Aşgabatdaky diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bu döredijilik çäresiniň hormatly myhmanlary boldular. Konsertde halk aýdym-sazlary bilen birlikde, häzirki zaman meşhur aýdymlar, tans kompozisiýalary ýerine ýetirildi. Konsert maksatnamasy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden we beýik özgertmeler eýýamynyň nyşanyna öwrülen “ÖŇE, ÖŇE, DIŇE ÖŇE, JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!” atly aýdym bilen tamamlandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026