Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlaglar


Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň adyna Watan goragçylarynyň gününi baýram etmegiň öňüsyrasynda goşun generaly harby adynyň dakylmagy mynasybetli gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar.
Hatlarda häzirki günde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerimli harby özgertmeleriň mynasyp dowam etdirilýändigi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygy, Milli goşunyň kuwwatynyň artdyrylýandygy, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertleriniň gowulandyrylýandygy nygtalýar. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyzy şanly waka bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan G.Mämmedowa gutlady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Abdrahmanow, N.Amannepesow, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, M.Mämmedowa, R.Meredow, Ç.Purçekow, A.Ýazmyradow, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutlaglaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow gutladylar.
Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Demokratik partiýanyň başlygy A.Serdarow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Keriýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.








