HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Ýanwar 27, 2023 | 21:43 |4059
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglary hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan täjik kärdeşini we onuň üsti bilen Täjigistanyň doganlyk halkyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyndaky bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejelerde, ilkinji nobatda bolsa, abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli berkidilýär.

Döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Köp babatda muňa Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işi ýardam edýär. Medeni, ylym we bilim ulgamlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň hem-de olaryň arasyndaky özara düşünişmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026