HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirdi

Ýanwar 26, 2023 | 22:27 |5906
Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Çeşme: Watan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirdi

Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Mejlisiň gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.

Ilki bilen Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Mejlisiň iş toparlarynda ýakynda kabul edilen Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň martynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda halkara standartlaryna laýyklykda milli standartlaşdyrmak ulgamyny ösdürmek hem-de ugurdaş düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň biri bolup durýan nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek hem-de mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek barada ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde görlen çäreler hem-de suwdan rejeli peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.

Resminamalara laýyklykda şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, şondan 1 million 250 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow himiýa pudagyny ösdürmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän çäreleriň möhümdigini nygtady hem-de wise-premýere pudagyň hereket edýän kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen täze kärhanalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýan bu ugurdaky toplumlaýyn işlere gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanda we Özbegistanda bilelikdäki Söwda öýlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynda aýdyň görkeziji bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabatda hem-de Daşkentde Söwda öýlerini açmak bilen baglanyşykly birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere, şu ýylyň şygaryna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan maslahatlary, söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, aýdym-sazly dabaralary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dürli çäreler geçiriler. 10-njy fewralda Döwlet çeperçilik akademiýasynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy boýunça Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli okuw maslahaty geçiriler. Şol gün Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda konserti guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem 12-14-nji fewral aralygynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri, 15-17-nji fewral aralygynda bolsa EYR-nyň ýöriteleşdirilen sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmäge, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen öňümizdäki çärelere we dabaralara taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, wise-premýere olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýaşlar bilen bagly wezipeler ilki başdan Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak baradaky meselä seretmek teklip edilýär. Onuň esasy maksady ýaşlarymyzyň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýaşlarymyzyň halkara gatnaşyklaryna has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hususan-da, Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni öwrenmek teklip edilýär.

Şeýle hem öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Ýaşlar ylmy ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokarda agzalan strategiýada Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň Milli merkezini, şeýle hem degişli ulgamy döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlar syýasatynyň Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini belledi. Ýurdumyzyň daşary syýasy işinde hem bu meselä uly ähmiýet berilýär.

Mundan başga-da, ýokary sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleriniň üstünde içgin işlemek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agentligiň ýolbaşçysyna halkara standartlaryna laýyklykda deňiz we derýa ulagy pudagynyň dolandyrylmagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga, halkara ýük daşamagy amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gämi gurluşyk ulgamyny ösdürmek, dürli görnüşli gämileriň gurluşygynyň özleşdirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumyndaky işleriň barşyny we depginini, olaryň agrotehniki kadalara laýyk gelmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda howa şertleri bilen baglylykda, welaýatyň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw akymyny almak, derýalaryň kenarlaryny berkitmek, şeýle hem suw akabalaryny arassalamak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.

Mejlisde şeýle hem beýleki meselelere garaldy we pudaklaryň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026