Serdar Berdimuhamedow harby gullukçylara gutlag hatyny ýollady


Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine gutlag hatyny ýollady
Hormatly Watan goragçylary!
Sizi yurdumyzda dabaraly bellenilýän Watan goiragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny we jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany hem-de olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýan bu baýram merdana pederlerimiziň watançylyk mekdebiniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär.
Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri!
Eziz Diýarymyzyň hukuk binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen işler dowrümiziň taryhy senenamasyny has-da baýlaşdyrýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle tutumly işleri dabaralandyrmak, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli watançylyk we beýik zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek maksady bilen, biz 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrdyk. Halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapan bu şygarda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň jemgyýetdäki möhüm orny, ýaş nesle bildirilýän belent ynam hem-de milli buýsanç jemlenendir.
Merdana Watan goragçylary!
Iň howpsuz ýurtlaryň biri hökmünde dünýä ykrarnama eýe bolan eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän hem-de döwletimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty bilen ugurdaş bolan Harby doktrinamyzyň ýörelgelerini, maksatlaryny gyşarnyksyz berjaý etmek siziň her biriňiz üçin belent borç bolmalydyr.
Siz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy goramagy hem-de jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmagy, kanunçylygy has-da berkitmegi hemişe baş maksat hasaplamalysyňyz. Geçmişde yz goýan şöhratly pederlerimiziň mertlik mekdebini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Döwrebap harby tehnikalara we enjamlara erk etmek başarnygyny birkemsiz ele alyp ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşmalysyňyz, Watany goramak borjuny ähli zatdan belent saýyp, harby ylmyň we harby sungatyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda toplanan tejribesini yzygiderli özleşdirmelisiňiz, ata-babalarymyzyň adalatlylyk, parasatlylyk, sabyrlylyk, mertlik, edermenlik, watansöýüjilik ýaly belent häsiýetlerini hemişe hemra edinmelisiňiz. Siziň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek ýaly belent hem-de jogapkärli borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem aýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn!
Eziz Watanymyzyň edermen ogullary!
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşymda milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigimizi aýdypdym. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleri has-da gowulandyrylar. Milli goşunymyz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün ediler, ähli amatlyklary bolan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, harby şäherçeler gurlup ulanmaga berler. Ýurdumyzyň Ýaragly güýçleriniň goranmak ukybyny we harby kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça işler hemişe üns merkezinde saklanar.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň üstünlikli geçirilmegi ýurt goragçylaryna goýulýan sarpany has-da belende göterdi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny öňküden-de döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek «Arkadag Serdarly bagtýýar ýaşlar ýylynda» hem döwlet syýasatynyň we amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar.
Hormatly Watan goragçylary!
Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziňt ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda hem-de işiňizde uly üstüňlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin!








