HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

200 jiltlik Uly russiýa ensiklopediýasyny jübüde göterip bolar

Ýanwar 26, 2023 | 22:27 |6445
200 jiltden ybarat bolan Uly russiýa ensiklopediýasynyň (URE) elektron görnüşini bir fleş diskde jübüde göterip bolar. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersiteti URE-nyň sanly neşirini döretmek taslamasyna ýolbaşçylyk eder. TASS habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada MDU-niň rektory Wiktor Sadowniçiý, däp bolşy ýaly, her ýyl 25-nji ýanwarda Tatýana güni Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň 268 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän dabaraly mejlisde  mälim etdi.200 jiltden ybarat bolan Uly russiýa ensiklopediýasynyň (URE) elektron görnüşini bir fleş diskde jübüde göterip bolar. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersiteti URE-nyň sanly neşirini döretmek taslamasyna ýolbaşçylyk eder. TASS habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada MDU-niň rektory Wiktor Sadowniçiý, däp bolşy ýaly, her ýyl 25-nji ýanwarda Tatýana güni Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň 268 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän dabaraly mejlisde  mälim etdi.
Çeşme: tonkosti.ru

200 jiltden ybarat bolan Uly russiýa ensiklopediýasynyň (URE) elektron görnüşini bir fleş diskde jübüde göterip bolar. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersiteti URE-nyň sanly neşirini döretmek taslamasyna ýolbaşçylyk eder. TASS habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada MDU-niň rektory Wiktor Sadowniçiý, däp bolşy ýaly, her ýyl 25-nji ýanwarda Tatýana güni Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň 268 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän dabaraly mejlisde mälim etdi.

Alymlaryň uly topary, şol sanda Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň alymlary Russiýanyň hökümetiniň tabşyrygy boýunça häzirki wagta çenli diňe kitap görnüşinde bolan ensiklopediýanyň sanly görnüşini döretmek işine girişdiler.

TASS Sadowniçiniň: “Bu täze URE-nyň elektron ýygyndysynda maglumatlaryň doly, dogry we döwrebap bolmagyna biz jogapkärdiris. Biz ýakynda MDU-niň Çylşyrymly ulgamlaryň matematiki barlaglary institutynda ýurtdaky bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemmesini utgaşdyrmaga gönükdirilen laboratoriýa döretdik. Bu diňe bir matematika däl, tutuş russiýa ensiklopediýasy, bu biziň “Britannikamyz”. Bu meseläni çözsek, biziň üçin ägirt uly üstünlik we ähmiýetli iş bitirdigimiz bolar" – diýen sözlerini getiýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026