2022-nji ýylyň FIFA dünýä çempionatynyň ýeňijisi dünýä çempionatynyň taryhyndaky iň uly ýeňşi gazanar


Argentinanyň we Fransiýanyň milli ýygyndylary Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyrynda oýnarlar. Jemleýji oýun 18-nji dekabrda Lusail stadionynda geçiriler.
Öňümizdäki ýylda ýeňiji topara 42 million amerikan dollarynyň gowşurylmagyna garaşylýar. Bu dünýä çempionatynyň taryhynda iň uly baýrakly gaznadyr.
1982-nji ýylyň dünýä çempionatynyň baýrakly gaznasy 2,2 million amerikan dollarydy, 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda bu görkeziji 38 million amerikan dollaryna çenli ýokarlanypdy. Bu barada statista.com saýty habar berýär.
Habar beriş serişdeleri her oýundaky biletiň ortaça bahasy 286 funt, ýagny 347 amerikan dollaryna barabardygyny we munuň Ýakyn Gündogarda we Arap dünýäsinde geçirilen bu oýnuň dünýä çempionatynyň taryhynda iň gymmady bolandygyny belleýärler. Bu Russiýada geçirilen 2018-nji ýylyň dünýä çempionatyna garanyňda 39 esse ýokarydyr.
Şeýle hem bu çempionatda ýaşaýyş, syýahat etmek we iýmit üçin çykdajylaryň örän gymmat bolandygy bellenilýär.
ORIENT news
Surat: arabianbusiness.com








