HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TOPH taslamasy we Demirgazyk-Günorta geçelgesi Hindistanda ŞHG-niň gün tertibine girer - Financial Express

Ýanwar 25, 2023 | 07:18 |9294
Hindistan şu ýyl ŞHG-ne başlyklyk edýär we Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrlerini Goada 4-5-nji maýda geçiriljek duşuşyga çagyrdy.Hindistan şu ýyl ŞHG-ne başlyklyk edýär we Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrlerini Goada 4-5-nji maýda geçiriljek duşuşyga çagyrdy.
Çeşme: e-cis.info

Hindistan şu ýyl ŞHG-ne başlyklyk edýär we Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrlerini Goada 4-5-nji maýda geçiriljek duşuşyga çagyrdy.

Hindistan topara başlyklyk etmegi geçen ýylyň sentýabrynda kabul etdi hem-de 2023-nji ýylda ministrler derejesinde birnäçe möhüm duşuşyklary we şu ýylyň ahyrynda sammit geçirmegi meýilleşdirýär.

Sammitiň öňüsyrasynda Hindistanda, şeýle hem agza döwletleriň dokuzsynyň goranmak ministrleri hem-de milli howpsuzlyk, içeri işler we daşky gurşaw ministrleri duşuşarlar. Garaşylyşy ýaly, ministrleriň duşuşyklary mart aýyndan başlanar. 27-31-nji ýanwar aralygynda bolsa Mumbaýda ŞHG-niň kinofestiwaly geçiriler.

Financial Express neşiriniň çeşmeleriniň sözlerine görä, öňde boljak duşuşyklaryň gün tertibi heniz ylalaşmak ýagdaýyndadyr. Ýöne, haçanda daşary işler, goranmak we içeri işler ministrleri duşuşanlarynda, olar hökman terrorçylyga, radikalizime, neşe serişdelerine garşy göreşmek, energetika we azyk howpsuzlygy, Owganystandaky ynsanperwer çökgünlik baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Neşir Demirgazyk-Günorta (INSTC) Halkara üstaşyr geçelgesiniň hem-de TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň taslamalarynyň hem ŞHG-niň öňde boljak duşuşyklarynyň gün tertibine girjekdigini çaklaýarlar.

ŞHG Ýewraziýa yklymynyň 60%-den gowrak meýdanyny, dünýäniň ilatynyň 40%-ni we dünýä möçberinde jemi içerki önümiň 30%-ni gurşap alýar. Barha köp ýurtlar, aýratyn-da, birnäçesi diolog boýunça hyzmatdaş derejesini alan arap dünýäsiniň ýurtlary Guramanyň bir bölegine öwrülmäge barha uly gyzyklanma bildirýärler.

Hindistanyň başlyklygy Demirgazyk-Günorta üstaşyr geçelgesi we TOPH gaz geçirijisi ýaly taslamalara Çabahar porty arkaly söwda geçelgesine itergi bermegi maksat edinýär.

Şeýle hem Deli startaplar we innowasiýalar boýunça ýörite iş toparyny hem-de Make-in-India-nyň we Aýurwet-iň ählumumy derejede gurşawyny üpjün etmek üçin adaty lukmançylyk boýunça bilermenleriň iş toparyny döretmegiň üstünde depginli işlemäge ymtylýar.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy ýigrimi ýyl bäri hereket edip, Russiýany, Hytaýy, Hindistany, Pakistany hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dördüsini – Täjigistany, Özbegistany, Gazagystany we Gyrgyzystany özünde birlieşdirýär. Eýran 2022-nji ýylyň sentýabrynda Samarkantda geçirilen soňky sammitde ŞHG-niň täze doly hukukly agzasy boldy. Şol sammite hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Baştutany hem gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026