HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

23 ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Ýanwar 24, 2023 | 02:57 |5789
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak dowam edýär, şeýle hem pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar, ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli Maksatnamasyna laýyklykda welaýatda göz öňünde tutulan gurluşyk işleri meýilnamalaýyn alnyp barylýar.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagynyň zerurdygyny aýtdy hem-de welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlaryndaky sürüm we tekizleýiş işleriniň depginini artdyrmak babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Prezident bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Bulardan başga-da, Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi hem-de etraplaryň, şäherleriň we şäherçeleriň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini häkimlere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026