Tatarystanyň prezidenti «Russiýa-Yslam dünýäsi» forumynyň guramaçylyk komitetini tassyklady


Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow karara gol çekdi, oňa laýyklykda her ýylky «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» Halkara ykdysady forumyny taýýarlamak we geçirmek baradaky respublikan guramaçylyk komitetini döretdi. Resminama respublikanyň hukuk maglumaty portalynda çap edildi.
Komitetiň başlyklygyna Rustam Minnihanowyň özi bellenildi, onuň orunbasarlary premýer-ministr Alekseý Pesoşin we TR-nyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň baştutany Asgat Safarow boldular. Komitetiň sekretary – maýa goýum ösüşi Agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina boldy.
Degişli düzgünnama laýyklykda, guramaçylyk komitetiniň mejlisi zerurlyga görä her çärýekde azyndan bir gezek geçiriler.
Her ýylda geçirilýän «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» Halkara ykdysady forum 17-nji ýanwarda Russiýanyň prezidentiniň karary bilen halkara hyzmatdaşlygyna ýardam bermek üçin döredilipdi Birinji forum 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriler.
ORIENT habarlar








