Owganystan Türkmenistanyň üsti bilen Türkiýä täze ugur boýunça harytlary eksport etdi
Ýanwar 23, 2023 | 20:20 |6498


Eksportlyk harytlaryň birinji tapgyry ýurduň demirgazygyndaky Farýab welaýatynyň gury ýer porty Akinanyň üsti bilen Owganystandan Türkiýä ugrady. Bu barada Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministriniň beýannamasyna salgylanyp, Ariana News habar berýär.
Ýük daşaýjy awtoulaglaryň kolonnasy Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden geçer. Ýük daşamalaryň logistikasy bilen Owganystanyň ulag kompaniýalary meşgullanýarlar.
Ozal önümi Türkiýe we ondan aňryk Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin Owganystan bu ýurdy Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany we Türkiýäni birleşdirýän «Lýapis Lazuli» halkara geçelgesiniň (Lazurit geçelgesi) mümkinçiliklerinden peýdalanýardy.
ORIENT habarlar








