HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäniň iň baý futbol klublarynyň atlary mälim edildi

Ýanwar 23, 2023 | 21:55 |11130
Deloitte auditorlyk firmasy dünýäniň iň baý futbol klublarynyň täzelenen sanawyny çap etdi, onda ikinji ýyl yzly-yzyna «Mançester Siti» birinji orunda barýar. 2022-nji ýylda bu klubyň pul girdejileri 731 mln. ýewro deň boldy.Deloitte auditorlyk firmasy dünýäniň iň baý futbol klublarynyň täzelenen sanawyny çap etdi, onda ikinji ýyl yzly-yzyna «Mançester Siti» birinji orunda barýar. 2022-nji ýylda bu klubyň pul girdejileri 731 mln. ýewro deň boldy.
Çeşme: arabianbusiness.com

Deloitte auditorlyk firmasy dünýäniň iň baý futbol klublarynyň täzelenen sanawyny çap etdi, onda ikinji ýyl yzly-yzyna «Mançester Siti» birinji orunda barýar. 2022-nji ýylda bu klubyň pul girdejileri 731 mln. ýewro deň boldy.

Mançester klubynyň Pepa Gwardiolynyň ýolbaşçylygynda iňlis futbolynda öňde baryjy bolmagyny dowam edýär. Komanda Premýer-liganyň häzirki çempiony bolup, çempionlaryň Ligasynyň soňky oýunlarynyň dörtlügine girdiler, bu bolsa girdejini artdyrmaga ep-esli derejede kömek etdi.

Ikinji ýeri 714 mln ýewro bilen La Liganyň ägirdi «Real Madrid» eýeleýär. Ol Premýer-liganyň «Liwerpul» we «Mançester Ýunaýted» klublaryndan öňe geçdi. Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» komandasy iň baý klublaryň bäşligini ýapýar.

Deloitte Football Money League – bu 2006-njy ýyldan bäri düzülýän maliýe futbol reýtingidir. Her ýyl kompaniýa 30 klubyň sanawyny girdejileri boýunça çap edýär we iň öňdäki 20-sini jikme-jik gözden geçirýär. 2022-nji ýylda dünýäniň iň köp - 30 sany girdejili klublaryň hataryna iňlis Premýer ligasynyň 20 wekilinden birbada 16-sy girdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026