HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-russiýa işewür forumy

Ýanwar 21, 2023 | 03:36 |5548
Şu gün paýtagtymyzda geçirilýän türkmen-russiýa işewürler forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewürler toparlarynyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreler boldy.Şu gün paýtagtymyzda geçirilýän türkmen-russiýa işewürler forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewürler toparlarynyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreler boldy.
Çeşme: Watan

Türkmen-russiýa işewür forumy

“Ýyldyz” myhmanhanasynda dürli görnüşde geçirilen duşuşyklar, şeýle hem Türkmen-russiýa we Russiýa-türkmen Işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisinde ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlyk meýilnamalary anyklaşdyryldy.

Iki ýurduň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iri önümçilik düzümleriniň, şeýle hem hususy kompaniýalarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarda senagat kooperasiýasy, gurluşyk önümçiligi, innowasiýa hem-de maglumat tehnologiýalary, ulag we logistika, oba hojalyk pudagy hem-de azyk önümleriniň eksporty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada pikir alşyldy hem-de anyk teklipler beýan edildi.

Mejlisiň dowamynda senagat, şol sanda elektron senagaty, lukmançylyk, ulag we aragatnaşyk, telekeçilik ýaly möhüm ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreler hakynda düýpli pikir alyşmalar boldy. Işewürler geňeşlerine gatnaşyjylar telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň, şeýle hem işewürligiň ähli görnüşleriniň, iki ýurduň işewürler toparlarynyň söwda-ykdysady we ylmy-tehniki gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Utgaşykly görnüşde, şol sanda sanly ulgam arkaly geçirilen işewürler geňeşleriniň mejlisiniň jemleri boýunça 20-den gowrak resminama, şol sanda eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalara, şeýle hem özara düşünişmek hakynda ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalar toplumy anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilendir hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026