HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahan oblasty we Türkmenistan hünärleriň Hazar reýestrini döredip biler

Ýanwar 21, 2023 | 15:02 |9694
Türkmenistan we Astrahan oblasty Hazar hünär derejesiniň reýestrini döretmeklige gatnaşyp bilerler, ol ýerli iş berijileriň ýörite okuw mekdepleri üçin hünär bilim maksatnamalaryny işläp düzmäge gatnaşmaklaryny göz öňünde tutýar. Öz gezeginde, talyplar hem Türkmenistanda, şeýle hem Astrahanda hereket edýän kärhanalarda degişli başarnyklary ednip bilerler.Türkmenistan we Astrahan oblasty Hazar hünär derejesiniň reýestrini döretmeklige gatnaşyp bilerler, ol ýerli iş berijileriň ýörite okuw mekdepleri üçin hünär bilim maksatnamalaryny işläp düzmäge gatnaşmaklaryny göz öňünde tutýar. Öz gezeginde, talyplar hem Türkmenistanda, şeýle hem Astrahanda hereket edýän kärhanalarda degişli başarnyklary ednip bilerler.
Çeşme: a24.press

Türkmenistan we Astrahan oblasty Hazar hünär derejesiniň reýestrini döretmeklige gatnaşyp bilerler, ol ýerli iş berijileriň ýörite okuw mekdepleri üçin hünär bilim maksatnamalaryny işläp düzmäge gatnaşmaklaryny göz öňünde tutýar. Öz gezeginde, talyplar hem Türkmenistanda, şeýle hem Astrahanda hereket edýän kärhanalarda degişli başarnyklary ednip bilerler.

Degişli taslamany Türkmenistandan bolan kärdeşlerine Astrahan oblastynyň Bilim we ylym ministri Ýegor Ugarow türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynda bilim ugrundan bolan tegelek stolda çykyş etmek bilen, teklip etdi. Bu duşuşyk Aşgabatdaky Türkmen-rus biznes-forumynyň çäklerinde geçdi – diýip, «Astrahan 24» habar berýär.

Ministriň nygtamagyna görä, türkmenistanlylar Russiýanyň Astrahan oblastynyň kärhanalarynda tejribe geçmäge we işe ýerleşmäge mümkinçilik alarlar. Isleg bildirilýän işjeňligiň ugurlary hökmünde Ugarow oba hojalygyny, gämi gurluşygyny, bilim ugruny, lukmançylygy we döredijilik pudagyny agzap geçdi.

Bilim babatynda ösüşiň geljegini ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen Astrahanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Olga Başkina paýlaşdy. Ol ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag merkezleri bilen, şol sanda «Aptek şäheri» maksatnamasy boýunça ylmy-barlag işjeňliginiň ugurlaryny giňeltmekligiň gerekdigini belledi.

Häzirki wagtda Astrahannyň lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistandan 180 talyp, ordinator we aspirant okaýarlar.

W.N. Tatişew adyndaky Astrahanyň Döwlet uniwersitetiniň halkara işleri boýunça prorektory Angelina Fadina türkmen talyplaryny häzirki zaman dünýä bazarynyň isleglerine jogap berýän ugurlary boýunça kabul etmäge taýýardygyny nygtady. Hususan-da, Türkmenistan üçin balyk hojalygy, oba hojalygy, nebitgaz pudagy we MT-y ugrundan hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilim maksatnamalary teklip edilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026