MA-daky eksport edijiler üçin gerekli hyzmatlar USAID-iň goldawy sebäpli 70% arzan bolar


USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy Merkezi Aziýanyň telekeçileriniň daşarky bazarlara çykmak baradaky tagallalaryny «Söwdany ösdürmek boýunça hyzmatlary üpjün edijiler» TPSP başlangyçlary arkaly goldamagyny dowam etdirýär.
Başlangyç kiçi we orta kärhanalara önümi eksport etmekde ýerli ygtyýarly maslahatçylary çekmek arkaly kömek etmekligi göz öňüne tutýar. Kiçi we orta kärhanalara önümi eksport etmekde kömek etmekligiň gurallarynyň biri Türkmenistanda söwdany ösdürmek barada «konsalting-maslahat beriş guramalaryň işlenip düzülen katalogydyr».
Katalog türkmen we rus dillerinde düzülip, eksport konsaltinginiň dürli ugurlaryna ýöriteleşen maslahatçylar barada maglumaty özünde jemleýär: marketing, önümiň işlenip taýýarlanmagy, sertifikatlaşdyrmaga taýýarlamak, satuw ulgamynyň ösdürilmegi, şeýle hem «Beýleki hyzmatlar» bölüminde gümrük we hukuk hyzmatlaryna ýöriteleşen kompaniýalar görkezilýär. Katalog kompaniýalaryň bazardaky iş tejribesi hakyndaky maglumaty we wekilleriniň belgilerini hem görkezýär.
Elektron katalog Size eksporta çykmaga ýardam etjek maslahatçyny ýa-da konsalting kompaniýasyny tapmaga mümkinçilik berer.

Söwdany ösdürmek boýunça Hyzmatlary üpjün edijiler (TPSP) Başlangyjyna gatnaşmagyň eksport edýänler üçin artykmaçlygy:
USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça Maksatnamasy Söwdany ösdürmek boýunça Hyzmatlary üpjün edijiler (TP SP) başlangyjynyň çäklerinde eksport edijileriň gerekli her bir maslahat beriş hyzmaty üçin çykdajylarynyň 70% çenlisini, ýöne $5000-den geçmedik möçberini tölär. Bir eksport ediji bir ýylyň dowamynda üç maslahat beriş hyzmaty almaga dalaş edip biler.
Söwdany ösdürmek boýunça Hyzmatlary üpjün edijiler (TPSP) başlangyjyna gatnaşmagyň maslahatçylar üçin artykmaçlygy:
TPSP başlangyjy Merkezi Aziýa sebitinde eksport konsaltingini ösdürmeklige hem gönükdirilendir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maslahatçylary (konsalting kompaniýalary) TPSP başlangyjynyň çäklerinde hyzmatlary üpjün etmek üçin ilki bilen kwalifikasiýadan (hünär kämilliginiň barlagyndan) geçmeli, soňra ýerli eksport edijilere öz hyzmatlaryny işjeň hödürlemeli.
USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy bu ugurdan ýöriteleşen konsalting kompaniýalary we maslahatçylar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär (hyzmatlaryň sanawy ýokarda getirilýär). TPSP başlangyjyna gatnaşýan ähli gatnaşyjylara deň elýeterliligi üpjün etmek üçin bir maslahatçy bir ýylyň dowamynda üç eksport edijä öz hyzmatyny edip bilýär.

Türkmenistanda TPSP başlangyjyndan peýdalanan ilkinji kompaniýa TUT nyşany bilen alkogolsyz içgileri öndürýän «Jadyly Çeşme» hojalyk jemgyýeti boldy. Kompaniýa 2022-nji ýylyň başynda alkogolsyz içgileri öndürip, öz işjeňligine başlady, ýöne täze işe başlandygyna garamazdan işjeň marketing strategiýasy alyp barmak bilen, Türkmenistanyň bazarynda öz mynasyp ornuny eýelemegi başardy.
“Jadyly Çeşme” daşarky bazarlara çykmak boýunça öz öňünde uly maksatlary goýýar. Häzirki wagtda kompaniýada ýokary hünärli işgärler işleýärler we Ýewropadaky öňdebaryjy öndürijilerden satyn alnan iň döwrebap enjamlarda içgileriň 10 görnüşiniň çykarylyşy ýola goýlandyr. Mundan başga-da, olaryň öz barlaghanasy bolup, ol ýerde önümiň hiline berk gözegçilik edilýär, şol sanda Ýewropadan çagyrylyp getirilen hünärmenler hem gözegçilik edýärler.
Jadyly Çeşme hil menejmentiň integrirlenen ulgamyny işläp düzmek we girizmek (halkara standart ISO 9001:2015) we azyk önümleriniň howpsuzlygy (halkara standart ISO 22000:2018). boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge gatnaşmak üçin ýüz tutdy. Ilkinjileriň biri bolup hünär saýlawyndan geçen we “Jadyly çeşme” kärhanasynda hil menejment ulgamyny we azyk howpsuzlygyny girizmek boýunça hyzmatlary üpjün etjek maslahatçysy Standart Hyzmat kompaniýasydyr.

TPSP BAŞLANGYJYNA GATNAŞMAK ÜÇIN ÝÜZ TUTMALARY TABŞYRMAGYŇ DÜZGÜNI
TPSP başlangyjynyň tehniki kömegini almak üçin 1.1 Formany dolduryp, kwalifikasiýa saýlawyndan geçmeli. («Eksport edjiniň Söwdany ösdürmek boýunça hyzmatlary üpjün edijiler» başlangyjyna gatnaşmaga gyzyklanmanyň beýany ), Forma 1.2. («Maslahatçynyň «Söwdany ösdürmek boýunça hyzmatlary üpjün edijiler» başlangyjyna gatnaşmaga gyzyklanmasynyň beýany maslahatçylar tarapyndan doldurylýar .
Önüm öndüriji Türkmenistandan, şeýle hem Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan konsultantlary çekip biler. «TPSP maslahatçylar topary» maslahatçylarynyň-gatnaşyjylarynyň sanawy şu salgylanma bilen elýeterlidir ссылке. Edil şonuň ýaly, bir ýurtdaky maslahatçylar beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky kärhanalara öz hyzmatlaryny hödürläp bilerler (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan).
TPSP başlangyjyna gatnaşmak mümkinçiligine seretmek üçin skanirlenen formany guramanyň goly we möhüri bilen PDF formatynda şu elektron poçta: TCA_TPSP_Program@dai.com ugratmagyňyzy, hatyň nusgasyny TPSP.Program.TCA@gmail.com. şu salga ugratmagyňyzy haýyş edýäris. Soňra USAID-ň Merkezi Aziýada söwda maksatnamasynyň utgaşdyryjylarynyň görkezmelerine garaşyň. 10-15 iş gününiň dowamynda ýüz tutujy TPSP başlangyjyna goşulandygy baradaky tassyklamany alar ýa-da kriteriýalara gabat gelmedik halatynda ýüz tutmanyň gaýtarylandygy barada habar alar.
Goşmaça soraglar bilen şu belgilere ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris: tca_exportsupport@dai.com salgysy boýunça habar goýberme ýa-da (+993 12) 468247/49 telefon belgisi arkaly soramak.
ORIENT habarlar








