HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda “Kamaz” elektrobuslary synag ediler

Ýanwar 20, 2023 | 05:07 |10730
“Kamaz” Türkmenistanda synag etmek üçin öz öndüren elektrobuslarynyň ikisini getirdi. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda açylan Türkmen-rus işewürlik-forumynda “Kamaz”-yň baş direktory Sergeý Kogogin žurnalistlere aýtdy.“Kamaz” Türkmenistanda synag etmek üçin öz öndüren elektrobuslarynyň ikisini getirdi. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda açylan Türkmen-rus işewürlik-forumynda “Kamaz”-yň baş direktory Sergeý Kogogin žurnalistlere aýtdy.
Çeşme: hightech.fm

“Kamaz” Türkmenistanda synag etmek üçin öz öndüren elektrobuslarynyň ikisini getirdi. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda açylan Türkmen-rus işewürlik-forumynda “Kamaz”-yň baş direktory Sergeý Kogogin žurnalistlere aýtdy.

Ol “Kamaz”-yň elektrikli çekiş güýjünde işleýän awtobuslary öňdürmek boýunça Russiýada öňdebaryjydygyny belledi. “Biz bu tehnikany Türkmenistana teklip etmäge, onuň hemme artykmaçlyklaryna baha bermek mümkinçiligini döretmäge şatdyrys. Türkmenistanyň howa şertlerinde tehnikany synagdan geçirmek üçin “Kamaz” elektrobuslarynyň ikisi hem-de ultratiz zarýad beriji stansiýa getirildi” diýip, Kogogin aýtdy. Şeýle hem ol “Kamaz”-yň Türkmenistana zerur bolan möçberlerde elektrobuslaryň iberilmegini amala aşyrmaga taýýardygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Işewürlik-forumynda türkmen tarapynyň aýdan maglumatlaryna görä, 2006-2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan “Kamaz” kysymly awtoulag serişdeleriniň we ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň 9 müň 460 birliginden gowragyny satyn aldy. Tehnikalaryň köp bölegi – 8 929-sy döwlet ulgamy tarapyndan satyn alyndy.

Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherlerinde düzüminde tehniki işgärlere okuw geçilmegi bilen, “Kamaz” awtoulaglaryna hyzmat ediş we olary bejermek boýunça hyzmat merkezleri guruldy. Şeýle merkezi Daşoguz welaýatynda hem gurmak boýunça işler alnyp barylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026