HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda ilkinji gezek siam ekizlerini aýyrmak operasiýasy geçirildi

Ýanwar 20, 2023 | 00:57 |7705
Özbegistanda ilkinji gezek siýam ekizlerini aýyrmak boýunça üstünlikli operasiýa geçirildi. Gyrgyzystanly bäş aýlyk ekizleriň ene-atasy Daşkentdäki Respublikan perinatal merkezinde neonatal hirurgiýa üçin okuw-bejeriş-usulyýet merkezine ýüz tutdular, bu ýerde özbek hirurglary çylşyrymly lukmançylyk amallaryny ýerine ýetirdiler - diýip, ýurduň Saglyk ministrliginiň Telegram kanaly habar berýär.Özbegistanda ilkinji gezek siýam ekizlerini aýyrmak boýunça üstünlikli operasiýa geçirildi. Gyrgyzystanly bäş aýlyk ekizleriň ene-atasy Daşkentdäki Respublikan perinatal merkezinde neonatal hirurgiýa üçin okuw-bejeriş-usulyýet merkezine ýüz tutdular, bu ýerde özbek hirurglary çylşyrymly lukmançylyk amallaryny ýerine ýetirdiler - diýip, ýurduň Saglyk ministrliginiň Telegram kanaly habar berýär.
Çeşme: gazeta.uz

Özbegistanda ilkinji gezek siýam ekizlerini aýyrmak boýunça üstünlikli operasiýa geçirildi. Gyrgyzystanly bäş aýlyk ekizleriň ene-atasy Daşkentdäki Respublikan perinatal merkezinde neonatal hirurgiýa üçin okuw-bejeriş-usulyýet merkezine ýüz tutdular, bu ýerde özbek hirurglary çylşyrymly lukmançylyk amallaryny ýerine ýetirdiler - diýip, ýurduň Saglyk ministrliginiň Telegram kanaly habar berýär.

1-1.jpg

Özbek merkezi sebitde täze doglan çagalarda çylşyrymly amallary ýerine ýetirmekde özboluşly tejribesi bolan edara hökmünde tanalýar. Körpejeler Fotima we Zuhra 2022-nji ýylyň 31-nji maýynda siam ekizleri bolup doguldylar. Adaty bolmadyk ýagdaý göwreliligiň 28 hepdesinde ýüze çykaryldy we 29 hepdede kesarew usaly arkaly doguryş baradaçözgüt kabul edildi. Ekizleriň doglandaky umumy agramy 1600 gr.

2.jpg

Gyzjagazlaryň öt haltalary aýry-aýrylykda emele gelmegi operasiýa töwekgelçiligi peseltdi. Güýçli gan akmagyň öňüni almak üçin hirurglar häzirkizaman bloodstop gemostatiki materialyny, şeýle hem ultrases we argon skalpelini ulandylar. Ekizleri bir-birinden aýyrmak operasiýasy minimal gan akma bilen tamamlandy.

3.jpg

Hünärmenler çagalaryň ýagdaýyna durnukly diýip baha berýärler we ýakyn wagtda gyzlar keselhanadan çykarylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026