Güýçli sowuklar sebäpli Özbegistanda bergisi bolanlaryň elektrik toguny we tebigy gazyny kesmek gadagan edildi
Ýanwar 16, 2023 | 23:32 |5786


Güýçli sowuklar sebäpli Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew jemagat hojalyk işgärlerine bergisi bolanlaryň toguny we gazyny öçürmegi gadagan etdi – diýip, Merkezi Aziýanyň neşirleri habar berýärler.
Bu karar Özbegistanyň ähli welaýatlarynda howanyň rekord derejede pese düşmegi sebäpli çykaryldy.
Maslahatyň barşynda respublikanyň baştutany uzakda ýerleşýän etraplaryň ilatyny suwuklandyrylan gaz we kömür bilen üpjün etmegiň möhümdigini beýan etdi. Sarp edilýän tutuş energiýanyň 90%-ni öndürýän ýylylyk elektrik stansiýalary ony şol sanda türkmen gazyndan öndürýärler.
ORIENT habarlar








