Mejlisiň iş topary Halk Maslahatynyň üýtgedilip gurlandan soň nähili boljakdygyny ara alyp maslahatlaşýar


Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň iş topary Konstitusiýa girizilmeli üýtgetmeleri ara alyp maslahatlaşýar, ol Halk Maslahatynyň ýokarky palatasynyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyna öwrülmegine degişlidir.
Bu barada iş toparynyň agzasy, hukuk ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan hukukçysy Myrat Haitow «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti üçin belliklerinde gürrüň berdi.
Öňki hereket eden (2003-2008 ýý.) we indi döredilen Halk Maslahatynyň tapawudy barada aýdyp, Iş toparynyň agzasy Halk Maslahatynyň «hemişelik agzasy» düşünjesini girizmekligiň maslahatlaşylýandygyny aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň bu edaranyň başlygyny bellemek we boşatmak ygtyýarlygy bolar.
Mundan başga-da, şertleýin Halk Maslahatynyň «iki bölekden» – Halk Maslahatynyň agzalaryndan (wezipesi boýunça), şeýle hem ýerli halk maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, syýasy partiýalaryň, il ýaşulylarynyň we jemgyýetçiligiň wekillerinden ybarat boljakdygy bellenilýär.
Şeýle hem halk häkimiýetiniň täze ýokary wekilçilikli edarasy welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde hereket edýän ýerli wekilçilikli edaralar bilen özara gatnaşygyň täze algoritmini göz öňüne tutýar.
ORIENT habarlar








