Özbegistanda Gazagystana aýaz sebäpli ulagly gitmekden saklanmagy maslahat berýärler


Özbegistanyň Alma-Ata şäherindäki Baş konsullygy ýakyn üç gije-gündizde güýçli aýaz sebäpli, Gazagystana ulag bilen gitmezligi maslahat berdi. Bu barada Özbegiýanyň Daşary işler ministrliginiň “Dune” habarlar agentligi habar berdi.
“Dune” habarlar agentliginiň internet sahypasynda berlen habarda: "Ýurduň hemme ýerinde howa şertleriniň düýpgöter sowamagy sebäpli Özbegistanyň Almatydaky Baş konsullygy öz raýatlaryna ýakyn üç günüň dowamynda ýeňil awtoulaglar we awtobuslar bilen Gazagystana gelmekden saklanmagy maslahat berýär" - diýilýär.
Habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, güýçli aýazlar Gazagystanyň köp böleginde, şol sanda günorta sebitlerinde-de ýakyn üç günüň dowamynda dowam eder. Daglyk sebitlerde köp mukdarda gar ýagmagyna garaşylýar. Gündogarda temperaturanyň minus 43 derejä çenli peseljekdigi çaklanylýar.
Agentlik howa şertleriniň ýaramazlaşmagy sebäpli (tupan, doňaklyk, duman sebäpli görnüşiň peselmegi), 10-njy ýanwarda Gazagystanda awtoýollaryň 122 böleginiň ýapylandygyny belleýär.
ORIENT news








