HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň milli geňeşiniň halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli geňeşiň halk maslahatynyň mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi.

Ýanwar 12, 2023 | 05:05 |9764
Türkmenistanyň milli geňeşiniň halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň  Konstitusiýasyny hem-de konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilýändigini mälim edip, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýagny Parlamentiniň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.Türkmenistanyň milli geňeşiniň halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň  Konstitusiýasyny hem-de konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilýändigini mälim edip, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýagny Parlamentiniň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň milli geňeşiniň halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky maslahatlar merkeziniň binasynda milli geňeşiň halk maslahatynyň mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň milli geňeşiniň halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny hem-de konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilýändigini mälim edip, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýagny Parlamentiniň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.

Bellenşi ýaly, täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine:

  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň;

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň;

  • Mejlisiň Başlygynyň;

  • Ýokary kazyýetiň başlygynyň;

  • Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretarynyň;

  • Mejlisiň deputatlarynyň;

  • Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň;

  • Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçynyň;

  • Baş prokuroryň;

  • Adalat ministriniň;

  • welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň;

  • welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklarynyň;

  • etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlarynyň;

  • syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň;

  • welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleriniň girizilmeginiň ýerlikli boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna:

  • Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak;

  • Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak;

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek;

  • Parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek;

  • Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak degişli edilip bilner.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlyga görä, ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026