Ýurdumyzyň welaýat häkimliklerinde maslahatlar geçirilip, Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirilmegi barada giňişleýin gürrüň edildi.


Ýurdumyzyň welaýat häkimliklerinde maslahatlar geçirilip, Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirilmegi barada giňişleýin gürrüň edildi.
9-nji ýanwarda Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda oba hojalyk işleriniň alnyp barylyşy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde öňde durýan aýdyň wezipeler barada durup geçdi.
Şunuň esasynda 10-njy ýanwarda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimliklerinde Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada giňişleýin maslahatlar geçirildi.
Maslahatyň dowamynda ýaz meýdan işlerine taýýarlyk görmegiň wezipeleri, suwarylşy we şor suw akabalarynyň ýagdaýy hem-de bu ulgamlarda durmuşa geçirilmeli işler barada has giňişleýin gürrüň edildi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hem maslahatlarda gürrüň edildi.








