HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýädäki iň uly CES-2023 tehnologiýalar sergisinde nähili geň-enaýy zatlary görkezdiler

Ýanwar 07, 2023 | 16:45 |7383
Şu günler Las-Wegasda dünýäniň iň uly tehnologiýalar sergisi hasaplanýan Consumer Electronics Show CES-2023 geçirilýär. Bu sergi hereket edip gelýän döwründen bäri baş innowasiýalaryň möhüm tehnologik görkezilişiniň we tanyşdyrylyşynyň geçirilýän ýerine öwrülmek bilen, bu soňra ýakyn ýyl üçin ara maslahatlaşma temasy bolýar.Şu günler Las-Wegasda dünýäniň iň uly tehnologiýalar sergisi hasaplanýan Consumer Electronics Show CES-2023 geçirilýär. Bu sergi hereket edip gelýän döwründen bäri baş innowasiýalaryň möhüm tehnologik görkezilişiniň we tanyşdyrylyşynyň geçirilýän ýerine öwrülmek bilen, bu soňra ýakyn ýyl üçin ara maslahatlaşma temasy bolýar.
Çeşme: lesechos.fr, techxplore.com, gadgets360.com

Şu günler Las-Wegasda dünýäniň iň uly tehnologiýalar sergisi hasaplanýan Consumer Electronics Show CES-2023 geçirilýär. Bu sergi hereket edip gelýän döwründen bäri baş innowasiýalaryň möhüm tehnologik görkezilişiniň we tanyşdyrylyşynyň geçirilýän ýerine öwrülmek bilen, bu soňra ýakyn ýyl üçin ara maslahatlaşma temasy bolýar.

Bu ýylyň gözden geçirilişiniň temasy – täzeçillige üns bermek bilen adamyň howpsuzlygydyr, olar hem global meseleleri – saglyk hyzmatlaryna, arassa suwa we azyk önümlerine elýeterliligi üpjün etmekdir.

Şeýlelikde, sergide ViraWarn jübi detektory hödürlenýär, ol 60 sekunda ýetmän COVID-19 we beýleki dem alyş kesellerini anyklamagy başarýar. Ol gurluşa üflemek ýeterlikdir we ol oňyn ýa-da tersin netije görkezýär.

Bu ýerde Ýaponiýanyň Archelis kompaniýasy tarapyndan döredilen ekzoskeleti synap görmek bolýar. Ol saglyk işgärlerine we kärhanalaryň işgärlerine dik duran ýagdaýyndan oturmak ýagdaýyna tiz geçmäge kömek edip biler.

Enjam aýaga dakylýar, şunda ol iki düzgünde işläp bilýär: birinjisi erkin ýöremäge mümkinçilik berýär, ikinjisi bolsa – enjamy bir ýagdaýda blokirleýär, şeýle etmek bilen, ol arkaň aşaky tarapyna dynç almaga mümkinçilik berýär.

Metaälem - CES-2023-ň ýene-de bir baş temalarynyň biridir, ol ýerde köp kompaniýalar wirtual hakykat (VR) we goşmaça hakykat (AR) babatynda özleriniň soňky oýlap tapan zatlaryny hödürleýärler. Meselem, ösüp barýan ýaş kompaniýalaryň biri OVR Technology ulanyjylara metaälemiň ysyny duýmaga mümkinçilik berýän garnitura bilen tanyşdyrýar.

ORIENT habarlar
Surat: lesechos.fr, techxplore.com, gadgets360.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026
Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

23:55 Iýul 24, 2026
Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

23:46 Iýul 24, 2026