PSŽ Saud Arabystana ugraýar: Messi ýene-de Ronaldu bilen duşuşyp biler


Fransuz topary «Pari Sen-Žermen» 18-19-njy ýanwarda «Al-Hilal» we «Al-Nasr» toparlary bilen oýnamak üçin Kataryň paýtagtyna we Saud Arabystana barjakdygyny tassyklady, meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldu bolsa «Al-Nasrda» oýnaýar – diýip, Sports.ru. habar berýär.
Beýle diýildigi Parižiň ýygyndysynyň esasy hüjümçileriniň biri, ýakyndan bäri bolsa dünýäniň çempiony Lionel Messiýene-de meýdançada özüniň öňki bäsdeşi, ýakynda arap kluby üçin çykyş edip başlan Kriştianu Ronaldu bilenduşuşyp biler diýdigidir.
PSŽ we «Al-Nasryň» arasyndaky oýun 19-njy ýanwarda Patyşa Fahd adyndaky Halkara stadionda bolup geçer, ondan soňra «parižliler» Fransiýa dolanarlar. Soňky gezek Messi we Ronaldu biri-biriniň garşysyna 2020-nji ýylda oýnapdylar, şonda Argentinanyň hüjümçisi «Barselona»üçin, Portugaliýanyň oýunçysy bolsa «Ýuwentus» üçin oýnaýardy.
Messiniň 3:0 hasabynda ýeňilendigi üçin indi utuş gazanmaga doly mümkinçiligi bolar.
ORIENT habarlar
Surat: Reuters








