HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Watan 09.01.2023

Ýanwar 10, 2023 | 02:45 |6541
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, welaýatlaryň häkimlerine söz berdi. Häkimler şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Şeýle hem häkimler welaýatda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän zerur çäreler, şeýle hem welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depgini barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, welaýatlaryň häkimlerine söz berdi. Häkimler şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Şeýle hem häkimler welaýatda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän zerur çäreler, şeýle hem welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depgini barada hasabat berdi.
Çeşme:

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, welaýatlaryň häkimlerine söz berdi. Häkimler şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Şeýle hem häkimler welaýatlarda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän zerur çäreler, şeýle hem welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depgini barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň bereketli we bol hasylyň kepili bolup durýandygyny belledi hem-de gowaça ekiljek meýdanlardaky sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işlerine ünsi çekip, bu işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamalaryna laýyklykda welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depgininiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda welaýatlaryň häkimlerine birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ýazmyradowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde oba hojalygynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň adyna gelen gutlag haty.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowнх adyna Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasdan hat gelip gowuşdy. Onda şeýle diýilýär: Täze, 2023-nji ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn, şeýle hem Siziň Täze ýyl mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Size Täze ýylda berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Mukamlar köşgüniň binasynda geçirilen dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Arkadag şäheri diýlip atlandyrylmagynyň taryhy ähmiýetiniň bolandygyny bellediler. Bu ýerde geçirilen dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna bir agyzdan Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda şu ýylyň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Aýratyn hem dürli derejedäki ylmy bäsleşiklere gatnaşyp, ýeňiji bolan talyplaryň çykyşlary has hem täsirli boldy. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlaryň hemme taraplaýyn bilim terbiýeli bolmaklaryndaky meselelere zerur üns berýändiginiň aýdyň netijesidir. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň sungat ussatlary özleriniň çykyşlary bilen mähriban watanymyzyň ösüşini, ähli ugurlar babatda durmuş üpjünçiligini nazarlaýan döwlet syýasatyny we sahwatly türkmen topragyny wasp etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze ylalaşyklar bilen berkretdiler

Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze ylalaşyklar bilen berkretdiler

00:02 Iýun 21, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026