HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky agrotehniki okuw maslahatynyň diňleýjileri alma bagçylygyny ýetişdirip bilerler

Ýanwar 10, 2023 | 01:33 |16017
Şu ýylyň fewral aýynda MS Teams platformasynda onlaýn görnüşde geçiriljek “Türkmenistanyň şertlerinde öndümli döwrebap almaly baglygy döretmegiň aýratynlyklary” atly okuw maslahatynda almaly bagçylygy nähili ösdürip ýetişdirmelidigi hem-de bereketli hasyly nähili almalydygy barada gürrüň beriler. Forum USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasynyň çäklerinde guralar.Şu ýylyň fewral aýynda MS Teams platformasynda onlaýn görnüşde geçiriljek “Türkmenistanyň şertlerinde öndümli döwrebap almaly baglygy döretmegiň aýratynlyklary” atly okuw maslahatynda almaly bagçylygy nähili ösdürip ýetişdirmelidigi hem-de bereketli hasyly nähili almalydygy barada gürrüň beriler. Forum USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasynyň çäklerinde guralar.
Çeşme:

Şu ýylyň fewral aýynda MS Teams platformasynda onlaýn görnüşde geçiriljek “Türkmenistanyň şertlerinde öndümli döwrebap almaly baglygy döretmegiň aýratynlyklary” atly okuw maslahatynda almaly bagçylygy nähili ösdürip ýetişdirmelidigi hem-de bereketli hasyly nähili almalydygy barada gürrüň beriler. Forum USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasynyň çäklerinde guralar.

Öndümli bagçylyk häzirki wagtda işewürligiň iň netijeli görnüşleriniň biri bolup, ony dogry alyp barmak sarp edilen serişdeleriň öwezini tiz dolmaga hem-de ýokary girdeji almaga mümkinçilik berýär. Forumyň diňleýjileri täze häzirki zaman we öndümli miweli bagçylygyň düýbüni tutmagyň aýratynlyklary, şeýle hem ýokary hilli hasyl almak we süýji almalar bilen içerki bazary üpjün etmek bilen birlikde, ony daşary ýurtlara eksport etmek üçin agrotehniki we agromelioratiw işleri ýerine ýetirmegiň düzgünleri bilen tanşyp bilerler.

Maksatnamanyň bilermenleri bagbanlara Türkmenistanyň howa şertlerini nazarda tutup, almaly bagçylygy neneňsi ösdürip ýetişdirmelidigini, öndümli bag bolmagy üçin almalaryň görnüşlerini we köklerini nähili dogry saýlamalydygyny, suwarmagy hem-de organiki mineral dökünleri nähili guramalydygyny, şeýle hem alma baglarynyň esasy zyýankeşlerine we kesellerine garşy nähili göreşmelidigini gürrüň bererler.

Okuw maslahatyna hünär derejeli oba hojalykçylar, işewürler bilen birlikde, höwesjeň bagbanlar hem gatnaşyp bilerler. +(99365) 68 79 65 telefon belgä jaň edip, ýazylyp bolar ýa-da adyňy, familiýaňy, habarlaşmak üçin telefon belgiňi, işleýän/okaýan ýeriňi görkezip, TCA_ExportSupport@dai.com elektron salga habar iberip bolar.

Bellige alnanlar geçiriljek çäre barada giňişleýin maglumat alarlar. Gatnaşmak muzdsuzdyr, orunlaryň sany çäkli.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

19:00 Iýul 16, 2026
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

17:00 Iýul 16, 2026
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

14:00 Iýul 16, 2026