HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Hytaýa eksporty 78% artdy – täze ylalaşyklara badalga bermäge garaşylýar

Ýanwar 06, 2023 | 04:12 |13075
2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa eksporty ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna ýakynlap, (statistikanyň maglumatlaryna görä – 6 969,6 million)  2021-nji ýylyň şol döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende, 78%-den gowrak ýokarlandy. Bu bolsa türkmen önümlerini öňe ilerletmekde HHR-ni iri bazara öwürýär.2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa eksporty ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna ýakynlap, (statistikanyň maglumatlaryna görä – 6 969,6 million)  2021-nji ýylyň şol döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende, 78%-den gowrak ýokarlandy. Bu bolsa türkmen önümlerini öňe ilerletmekde HHR-ni iri bazara öwürýär.
Çeşme:

2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa eksporty ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna ýakynlap, (statistikanyň maglumatlaryna görä – 6 969,6 million) 2021-nji ýylyň şol döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende, 78%-den gowrak ýokarlandy. Bu bolsa türkmen önümlerini öňe ilerletmekde HHR-ni iri bazara öwürýär.

Şol bir wagtda geçen ýylyň ilkinji 10 aýynda Türkmenistan Hytaýdan importy hem -- 66,6% (612,5 million dollar) artdyrdy.

2021-nji ýylda hem Türkmenistanyň eksportunyň möçberinde Hytaýyň 4,9 milliard dollardan gowrak baha bilen ilkinj orny eýeländigini , 2020-nji ýylda bolsa bu görkezijiniň 4 milliarddan biraz geçendigini bellemek gerek. Import boýunça HHR 2021-nji ýylda 4-nji orun (455,9 million dollar) eýeledi.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa başlanan saparynyň dowamynda söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygy hakynda täze ylalaşyklaryň gazanylmagyna garaşylýar.

6-njy ýanwarda Pekinde geçirilmegi bellenilen türkmen-hytaý gepleşikleriniň şol gün 31 ýyl mundan ozal, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesi bilen gabat gelendigi bellärliklidir.

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy esasy iberiji bolup durýar, şunda 2022-nji ýylyň sentýabrynda ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde iki döwletiň baştutanlarynyň duşuşygy mahaly, çig mala degişli bolmadyk ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
BMG: şäherler howanyň üýtgemegini we ýaşaýyş jaý meselelerini nazara alyp täzeden gurulmalydyr

BMG: şäherler howanyň üýtgemegini we ýaşaýyş jaý meselelerini nazara alyp täzeden gurulmalydyr

21:01 Awgust 05, 2026
ÝUNISEF Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO 2026» sergisinde bilim beriş seminarlar tapgyryny geçirer

ÝUNISEF Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO 2026» sergisinde bilim beriş seminarlar tapgyryny geçirer

20:14 Awgust 05, 2026
Aşa yssy bütin dünýäde täze rekordlary goýýar: Günorta Koreýada 42,5°C, Italiýada we ABŞ-da gyzyl derejeli duýduryşlar yglan edildi

Aşa yssy bütin dünýäde täze rekordlary goýýar: Günorta Koreýada 42,5°C, Italiýada we ABŞ-da gyzyl derejeli duýduryşlar yglan edildi

19:30 Awgust 05, 2026