Aşgabatda ýanwar aýynda türkmen-german lukmançylyk forumy geçiriler


Türkmen we nemes lukmanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi 26-27-nji ýanwarda Aşgabadyň Halkara ylym-bilim merkezinde teleköpri arkaly geçiriljek X türkmen-german lukmançylyk forumynda ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hökümetiň saglygy goraýyş meseleleri boýunça jogapkär Nurmuhammet Amannepesow habar berdi.
– Özara gatnaşyklaryň bu görnüşi türkmen we nemes kärdeşleriň arasynda saglygy goraýyş pudagynda üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, türkmen lukmançylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge, ösen tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem ylmy kadrlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär – diýlip, mejlisde bellenildi.
Soňky ýyllarda Germaniýanyň lukmançylyk merkezlerinde onlarça türkmen lukmany hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçdi. Wise-premýer “häzirki wagtda taraplaryň akademiki aragatnaşygy güýçlendirendigini we esasanam, ýerlerde gönüden göni bejergi tejribesinde özara gatnaşyklary dowam etdirmek isleýändiklerini” aýtdy.
Ýanwar forumyna sanly ulgam arkaly Myrat Garriýewiň adyny göterýän Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi we welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri gatnaşarlar.
Türkmen-german forumy 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen GFR-nyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň arasyndaky Hyzmatdaşlykhakynda ylalaşyga laýyklykda yzygiderli geçirilýär. Mejlisiň gün tertibi bu ugurdaky derwaýys meseleleri göz öňünde tutmak arkaly düzülýär we şeýle duşuşyklarda kabul edilen çözgütler lukmançylygyň dürli ugurlarynda durmuşa geçirilýär.
ORIENT news








