Ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleriniň netijeleri boýunça jemi 16 resminama gol çekildi – diýip, TDH habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin Bilelikdäkibeýannamanyň aşagyna gol çekdiler.
Iki ýurduň dürli edaralarynyň arasynda nebit-gaz, ulag pudagynda, saglygy goraýyşda we ykdysadyýetde we ş.m. türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanyň we Hytaýyň edaralarynyň arasynda gol çekilen resminamalar:
— Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý Komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama;
— Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sanly ykdysadyýet babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama
— Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşyl ösüş babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak we bir ýol» halkara başlangyçlaryň arabaglanyşygy babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2023-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Meýilnamasy;
— Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Sinhua» habarlar agentliginiň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda habarlary alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
— Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Ženmin žibao» gazetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Mediakorporasiýasynyň arasynda habar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komissiýasynyň arasynda saglygy goraýyş pudagynda 2023-2027-nji ýyllar üçin hereketleriň Meýilnamasy;
— Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Hytaý Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
— Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş döwlet müdirliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
— Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama.
ORIENT habarlar
Surat: cs.com.cn








