Türkiýäniň şäherlerinde halkara teatr festiwallary geçiriler


Baharda Türkiýäniň birnäçe şäherlerinde halkara teatr festiwallary geçiriler, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan teatrlar gatnaşmaga çagyrylýar – diýip, ORIENT-e Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda habar berdiler.
Hususan-da, 28-nji maýdan 30-njy maýa çenli Sabançi gaznasy bilen bilelikde Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan gurnalan Adananyň 24-nji Halkara festiwaly geçiriler. 1998-nji ýylda milli derejede başlanan festiwal gysga wagtyň içinde halkara ähmiýete eýe boldy. Şol ýyllaryň dowamynda ol dürli ýurtlardan 200-e golaý teatr toparlaryny – Fransiýadan, Bolgariýadan, Gresiýadan, Beýik Britaniýadan, Tatarystandan, Makedoniýadan, Hindistandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Serbiýadan, Kubadan, Russiýadan, Italiýadan, ABŞ-dan, Rumyniýadan, Müsürden, Şweýsariýadan, Daniýadan we ş.m. ýygnapdy.
20-nji maýdan 30-njy maý aralygynda Konýa «Müň dem alyş, bir ses» atly 15-nji halkara teatr festiwalyny kabul eder. Ol Türkiýäniň döwlet teatrlary we Konýa şäheriniň Döwlet teatry tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň döredijilik kollektiwleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen gurnalýar.
2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde Ankarada çagalar teatrlarynyň «Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar» atly 18-nji halkara festiwaly açylýar. Ol her ýyl Ankarada Türkiýäniň döwlet teatrlarynyň baş müdirligi tarapyndan Milli garaşsyzlyk güni we çagalary goramak gününe bagyşlanyp geçirilýär. Bu ýyl festiwal 30-njy aprele çenli dowam eder.
4-nji martdan 18-nji mart aralygynda Balkan sebiti ýurtlarynyň «Balkan Brizi» atly 10-njy Halkara teatr festiwaly geçiriler, 17-nji maýdan 27-nji maýa çenli bolsa – Türkiýäniň paýtagty Ankara 13-nji Halkara teatr festiwalyny kabul eder. 15-nji maýdan 30-njy maýa çenli Trabzonda Halkara Gara deňiz teatr festiwaly geçiriler.
ORIENT habarlar
Surat: medeniyet.edu.tr








