Google Play we App Store-da täzelenen ORIENT goşundysyny ýükläp alyň


Täze ýylyň öňüsyrasynda, ORIENT okyjylara iň gyzykly we ähmiýetli habarlary çalt tapmak, şeýle hem belli bir mowzuklary täze bölümleri arkaly yzarlamak mümkinçiligini döretmek maksady bilen, saýtyny we goşundysyny täzeledi.
Şu ýere girmek bilen Google Play we App Store, goşundyny täzelemek arkaly onuň täze artykmaçlyklaryndan peýdalanyp bilersiňiz.
Näme üýtgedi?
Indi ORIENT redaksiýasynyň giň gerimli okyjylary üçin möhüm ýa-da gyzykly diýip hasaplaýan habarlaryny saýtyň we goşundynyň ýokarsyndaky dört bölümli bannerden tapyp bilersiňiz.
Baş habarlarda «Türkmenistanda» we «Dünýäde» diýen düwmeleri, şeýle hem «Biznes habarlary», Watan, «Afişa», «Redaktoryň pikiri», «Makalalar», «Peýdaly makalalar» we başgalar, saýlamaga we özüňize has gyzykly maglumatlary bellemäge kömek eder.
Şeýle hem täzelenmeler redaksiýanyň işgärleriniň we ORIENT-iň häzirki wagtda çap edýän habarlarynyň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Toparymyz mümkin boldugyça köp mowzugy öz içine almaga we her kime özleri üçin gyzykly we peýdaly maglumatlary tapmaga kömek etmäge çalyşýar.
Türkmenistandaky täzelikleri ilkinji bolup bilmek, şeýle hem dünýädäki gyzykly ýerli çärelerden we wakalardan habarly bolmak üçin 2023-nji ýylda ORIENT bilen galyň!
ORIENT news
Surat redaksiýadan








