HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanlylar üçin önümleriň bahalaryna gözegçilik etmek makady bilen web-gural işe girizildi

Dekabr 22, 2022 | 08:41 |11100
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) hem-de Daşkentdaki Halkara Westminster uniwersiteti (DHWU) Özbegistanda önümleriň bahalaryna gözegçilik etmek we olary seljermek üçin onlaýn-hyzmaty işe girizdi diýip, özbek KHBS-leri ýazýarlar.BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) hem-de Daşkentdaki Halkara Westminster uniwersiteti (DHWU) Özbegistanda önümleriň bahalaryna gözegçilik etmek we olary seljermek üçin onlaýn-hyzmaty işe girizdi diýip, özbek KHBS-leri ýazýarlar.
Çeşme:

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) hem-de Daşkentdaki Halkara Westminster uniwersiteti (DHWU) Özbegistanda önümleriň bahalaryna gözegçilik etmek we olary seljermek üçin onlaýn-hyzmaty işe girizdi diýip, özbek KHBS-leri ýazýarlar.

Web-gural bazarlardaky azyk harytlaryň 77-si baradaky maglumatlary özünde jemleýär hem-de üç dilde – özbek, iňlis we rus dillerinde elýeterlidir. Hyzmat ulanyjylara harytlaryň käbir görnüşleriniň bahalaryny tiz gözden geçirmäge, ýurtlaryň, bazarlaryň we harytlaryň arasynda deňeşdirmeleri döretmäge, grafikleri, esasy we statistiki maglumatlary hem-de göterim görnüşinde üýtgemeleri ýüklemäge mümkinçlik berýär.

Şeýle hem, çarşenbe güni Özbegistanyň ministrler kabineti azyk önümlerine we ilkinji nobatda zerur bolan harytlara bahalaryň “esassyz ýokarlandyrylmagynyň” öňüni almak üçin çäreleri görmegiň tertibini tassyklady. Gözegçiligi Antimonopol komiteti amala aşyrar. Edara benzin, çörek, şeker we ýene-de 30-dan gowrak önümler üçin islegleriň hem-de bahalaryň ösüşine seljerme berer.

Düzgünnama laýyklykda, komitet– hususan-da, esasy azyk harytlaryna bahalaryň ösüşine toplumlaýyn gözegçilik edilmegine jogap berýär. Bahalar güýçli üýtgän ýagdaýynda ýa-da adatdan daşary uly isleg ýüze çykanda edara ýagdaýlara jikme-jik seljerme bermek bilen meşgullanar we emeli gytçylyk döredilen ýagdaýynda edaranyň işgärlerine hojalyk subýektleriniň desgalaryna girmäge hem-de ammarlada ýerleşen önümleriň ätiýaçlyklaryna seljerme ýazgylaryny geçirmäge ygtyýarlyklar berildi.

“Baha we bazar maglumatlary ulgamy oba hojalygyny ösdürmek, aýratyn-da, ownuk ýer eýeleri we azyk önümlerini öndürijiler üçin möhümdir. Nyrhlar baradaky ygtybarly maglumat bazaryň aç-açanlygyny, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrar hem-de esasy gatnaşyjylaryň arasynda girdejileriň has adalatly paýlanylmagyny üpjün eder” diýip, Westminster uniwersitetiniň bilermenleri bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026
Gazagystanyň teleýaýlymlary Türkmenistanda ýaýlyma berlip başlanar

Gazagystanyň teleýaýlymlary Türkmenistanda ýaýlyma berlip başlanar

23:30 Oktýabr 15, 2026