Türkiýe 15 ýurt bilen gaz paýlaýjy merkez baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdy – gatnaşyklar oňyn ýagdaýda


Türkiýe dürli ýurtlaryň 15-si bilen gaz paýlaýjy merkeziň taslamasy baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdy, umuman, netijeler oňyn ýagdaýda. Bu barada ýurduň energetika we tebigy serişdeler minstri Fatih Dönmeziň sözlerine salgylanyp, Anadolu agentligi habar berýär.
Dönmeziň sözlerine görä, umuman, geçen ýylyň dowamynda Türkiýäniň wekiliýeti dürli ýurtlaryň 15-si bilen energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy. “Biziň maksadymyz täze çeşmelere elýeterliligi açmakdan ybarat. Beýleki ugurlar babatda Türkiýede gaz paýlaýjy merkez baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň köpüsi bu meselä oňyn seslendiler” diýip, Anadolu ministriň sözlerini getirýär.
Duşenbe güni Fatih Dönmez TVNET teleýaýlymyna Türkiýäniň we Russiýanyň dünýäde bahalaryň tiz üýtgäp durýandygyny göz öňünde tutup, tebigy gazyň iberilmegine uzak möhletleýin şertnamalara gol çekendiklerini habar berdi. “Biz Russiýa bilen örän uzak möhletli şertnamalara gol çekdik, ýöne, men olar barada içgin aýdyp bilmeýärin, çünki bu täjirçilik meselelerdir. Ýöne, bu şertnamalarda dünýä bazarlaryndaky bahalaryň ýokarlanyp durmagyny öz içine alýan düzgünleriň bardygy , gürrüňsizdir. Diňe biziň ylalaşyklarymyz däl, eýsem, gazy eksport edijiler bilen hemme şertnamalar bu ýagdaýy göz öňünde tutýar” diýip, ol aýtdy.
Döznmeziň sözlerine görä, eger-de Ankara Russiýa garşy sanksiýalara goşulan bolsa, onda tebigy gazy iberiji başga döwletleri gözlemeli bolardy. “Siziň bilşiňiz ýaly, Russiýa özüne garşy sanksiýalar girizilenden soň, dostlukly däl döwletleriň sanawyny beýan etdi. Eger biz şol sanksiýalara goşulan bolsak, bizi hem şeýle döwletleriň hataryna girizerdiler, biz bolsa gazy import etmegiň başga ýoluny gözlärdik” diýip, ol aýtdy.
RF-niň we Türkiýäniň prezidentleri Wladimir Putin hem-de Rejep Taýyp Ärdogan oazl Türkiýede gaz paýlaýjy merkezi döretmek baradaky meseläniň üstünde jikme-jik işlemegi tabşyrypdylar. Şol merkeziň üstünden, hususan-da, zeper ýetirilen “Demirgazyk akymlarydan” gazy geçirmek mümkin bolar. Şunda gürrüň Türkiýede diňe bir söwda meýdançasyny döretmek barada däl, eýsem, infrastrukturany ösdürmek hem-de günorta ugur boýunça ibermegi artdymak barada barýar.
Ozal Ärdogan Türkiýäniň rus we türkmen gazyny Ýewropa ibermek mümkinçiligine eýedigini aýdypdy.
Nury AMANOW








