Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Hindistan 2036-njy ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge arza berer

Ýanwar 02, 2023 | 02:53 |12555
Hindistanyň Ýaşlar we sport ministri Anurag Thakur Hindistanyň şu ýyl 2036-njy tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin resmi taýdan arza berjekdigini aýtdy.Hindistanyň Ýaşlar we sport ministri Anurag Thakur Hindistanyň şu ýyl 2036-njy tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin resmi taýdan arza berjekdigini aýtdy.
Çeşme:

Hindistanyň Ýaşlar we sport ministri Anurag Thakur Hindistanyň şu ýyl 2036-njy tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin resmi taýdan arza berjekdigini aýtdy.

Times of India Thakuryň: “Men hökümetiň Hindistanyň olimpiýa assosiasiýasy bilen bilelikde ýurtda Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge gatnaşyp biljekdigine ynanýaryn. Hindistanyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin doly taýýarlanjakdygyna we arza bilen ýüz tutjakdygyna ynanýaryn. Hindistan sporty ösdürmek üçin şeýle tagallalar edýän bolsa, biz Olimpiýa oýunlaryny ýöne geçirmek bilen oňman, eýsem-de bolsa ýokary derejede bu işiň hötdesinden geljekdigimize ynandyrmak isleýärin. Hindistan 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek mümkinçiligine çynlakaý garaýar" – diýen sözlerini getirýär.

Şeýle hem, ministr şäheriniň Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde Gujarat welaýatynda ýerleşýän Ahmedabad şäheriniň hödürlenendigini aýtdy. Hindistan ozal 1982-nji ýylda Aziýa oýunlaryny we 2010-njy ýylda Arkalaşygyň oýunlaryny kabul edipdi.

Hindistandan başga-da, 2036-njy ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin Indoneziýa, Meksika, Günorta Koreýa, Müsür we Angliýa dalaş edýärler.

Mundan öň tomusky Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirildi. Ilkibaşda olar 2020-nji ýylda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli, bir ýyl yza süýşürildi.

Oýunlaryň netijesi boýunça toparlaýyn hasapda ABŞ ýeňiş gazandy. Ikinji orunda – Hytaý, üçünji orun bolsa ýaryşyň ýer eýeleri ýaponlara mynasyp görüldi.

2024-nji ýylda tomusky Olimpiýa oýunlary Parižde (Fransiýa), 2028-nji ýylda – Los-Anželesde (ABŞ), 2032-nji ýylda bolsa, Brisbende (Awstraliýa) geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026