HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Dekabr 20, 2022 | 03:22 |14142
Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Aşgabatda bolýan Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saudy kabul etdi.Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Aşgabatda bolýan Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saudy kabul etdi.
Çeşme:

Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Aşgabatda bolýan Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saudy kabul etdi.

Myhman ilki bilen prezidente Saud Arabystanynyň patyşasy Salman Ben Abdul-Aziz Al-Saudyň adyndan salam aýtdy hem-de ýurduň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygyny nygtady.

1.jpg

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna şu ýyl 30 ýyl dolandygyny hem-de Türkmenistanyň iki döwletiň arasynda uzak möhletleýin aragatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

2.jpg

Türkmen lideri şu ýylyň iýun aýynda prezident hökmünde daşary ýurda ilkinji saparyny Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes topragyna amala aşyrandygyny mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna we ony ösdürmegiň geljegine hem-de halkara gün tertibiniň meselelerine garaldy.

3.jpg

Kabul edişlik tamamlanandan soň, daşary işler ministri türkmen KHBS-ne interwýu berip, geçirilen oňyn duşuşyga ýokary baha berdi hem-de Patyşalygyň Türkmenistan bilen ajaýyp gatnaşyklarynyň bardygyny bellemek bilen, özüniň şu saparyny ähli ulgamlarda özara hereketleriň täze mümkinçiliklerini öwrenmek we hyzmatdaşlygy has giň gözýetimlere çykarmak üçin möhüm ädim diýip atlandyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026