HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bossan concept — ýokary hiliň we rahatlygyň kepili

Dekabr 30, 2022 | 15:48 |9045
Bossan concept 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistandaky müşderilerine kaşaň bag we balkon mebellerini we bag, howly we öý üçin beýleki esbaplary hödürlemek bilen, öýleri has rahat we amatly etmekde kömek edýär.Bossan concept 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistandaky müşderilerine kaşaň bag we balkon mebellerini we bag, howly we öý üçin beýleki esbaplary hödürlemek bilen, öýleri has rahat we amatly etmekde kömek edýär.
Çeşme: Bossan Concept

Bossan concept 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistandaky müşderilerine kaşaň bag we balkon mebellerini we bag, howly we öý üçin beýleki esbaplary hödürlemek bilen, öýleri has rahat we amatly etmekde kömek edýär.

Gerekli mebelleri aýratyn saýlamak bilen, özboluşly we ajaýyp dizaýnyň döredilmegi – bularyň barysy kompaniýanyň hyzmatlarynyň sanawyna girýär. Hünärmenler müşderileriň balkonlaryny, eýwanlaryny we lojiýalaryny hakyky sungat eserlerine öwürýärler.

Bossan concept bilen rahat dynç almak, myhmanlar bilen ýakymly oturşyklary gurnamak ýa-da gowy görýän işiň bilen meşgullanmak üçin öýe ýa-da jaýa özboluşly ýer döretmekde hyzmatdaşlyk edýärler. Pikirleri jemlemek üçin amatly künjegiň döredilmegi täsin ýer bolup biler, ol ýadawlygy aýyrar, keýpiňizi gowulaşdyrar we hatda saglyga peýdaly bolar.

Kompaniýa hemişe täze çözgütleriň we ylhamyň gözleginde. Onuň wekilleri ençeme gezek daşary ýurtly kärdeşleriniň iň gowy tejribesini öwrenmek we bu ugurda soňky bolup geçýän üýtgeşmeleriň başynda bolmak maksady bilen, ýöriteleşdirilen dizaýn sergilerine, şol sanda Fransiýadaky we Hytaýdaky dizaýn sergilerine baryp gördüler.

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda kompaniýa elmydama iň ajaýyp arçalary we islendik görnüşde we hyýalda baýramçylygyň eksklýuziw enjamlaryny satuwa çykarýar. Bossan concept-iň işgärleri, müşderilere Täze ýyl mowzugynda öýlerini çalt we kynçylyksyz bezemäge kömek etmek maksady bilen, öýe baryp, sargytlary ýerinde ýerine ýetirýärler.

Şeýle hem Bossan concept şertli ýagdaýda dürli ugurlarda ýöriteleşen birnäçe bölüme bölünýär. Mysal üçin, Bossan flora emeli gülleriň dürli görnüşini, şol sanda hakyky güllerden tapawutlandyryp bolmaýan Real touch-y hem hödürleýär.

Bossan outdoor – bular bagy we jaýyň töweregindäki ýerleri has gözel görnüşe getirmäge kömek edýän, bag mebelleri, sallançaklar, saýawanlar, çüwdürimler we başga-da köpsanly owadan we peýdaly esbaplardyr.

Bossan concept-iň harytlarynyň dürlüligi we teklipleri bilen kompaniýanyň resmi saýtynda, şeýle hem Instagram hasabynda tanşyp bilersiňiz.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026