HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen paýtagtynda çagalar üçin multfilmleriň festiwaly geçirildi

Dekabr 27, 2022 | 15:05 |13133
Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli Aşgabadyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde çagalar üçin multfilmleriň festiwaly geçirildi – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli Aşgabadyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde çagalar üçin multfilmleriň festiwaly geçirildi – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli Aşgabadyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde çagalar üçin multfilmleriň festiwaly geçirildi – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Bu çäräniň gurnaýjylary bolup Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Bazar Amanow adyndaky Çagalar kitaphanasy çykyş etdiler.

Kiçijik tomaşaçylar “Mahabat” müdirliginiň we Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň 2D we 3D formatda döreden soňky animasiýa filmlerine hezil edip tomaşa etdiler. Olaryň döreden multfilmleriniň arasynda “Ýiten top”, “Tokarja we Ýeserje paýlaşmany öwrenýär”, “64 öýjük”, “Şärikli ekin-3” bar.

Çagalar uly ekranda özleriniň söýgüli gahrymanlaryny görenlerine, olara ýakyn bolanlaryna we bilelikde başdan geçirmeleriň birnäçesine gatnaşmaga şat boldular. Wiktorinanyň çäklerinde çagalar multfilmler baradaky soraglara uly höwes bilen jogap berdiler.

Aýaz babanyň we onuň agtyjagy Garpamygyň peýda bolmagy festiwala aýratyn öwüşgin çaýdy, çagalar olar bilen tans etdiler we täze ýyl kompozisiýalaryny ýerine ýetirdiler.

ORIENT habarlar
Surat: «Mahabat» müdirligi Döwletteleradio

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026