TDHÇMB-daky söwdalaşyklar: EKO-5 kysymly dizel ýangyjy eksport edildi


Çarşenbe güni 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda owganystanly telekeçi ECO-5 kysymly gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldy. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Umuman alanyňda, baglaşylan şertnamanyň çäginde bir tonnasynyň bahasy 965,25 amerikan dollary bolan5000 tonna önüm Türkmenistandan Owganystana eksport ediler. Geleşigiň umumy jemi 4,8 million amerikan dollaryna deň boldy.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








