Jony Aşgabady, Aşgabat Jonyny maýyl etdi.


Amala aşdy – 26 ýaşly Jony özüniň Türkmenistandaky muşdaklary bilen duşuşdy!
Aşagabdyň sportyň gyşky görnüşleriniň sport toplumyndaky konsert meýdançasynda häzirki zaman rus pop sazynyň belli wekilleriniň biri ajaýyp konsert berdi.

Bu ýerde sişenbe güni agşam ýaşlaryň müňlerçesi ýygnandy, özi-de, olar diňe bir paýtgatdan däl. Onuň konsertine petekleri almak örän çylşyrymly kyn derejede bolsa-da, çykyşa tomaşa etmek üçin ýurduň dürli welaýatlaryndan hem ýörite geldiler.
“Frendzona”, “Alleýa”, “Kometa” (Apple Music-iň hasaby boýunça 2020-nji ýylda Russiýada iň meşhur trek), “Pustoý stakan”, “Mir soşel s uma” ýaly we beýleki görnükli aýdymlary ýerine ýetiriji Aşgabatda şeýle ýokary derjedäki duýgular bilen garşylanylyşyna haýran galyp, bu ýerde özüniň köpsanly fan-klublarynyň bardygyna göz ýetirdi.
Jony (aýdymçynyň ady Jahid Guseýnli, onuň asly Azerbaýjandan) şeýle gyzgyn söýgüniň täsirine tap bermän, ähli güýjüni-yhlasyny-zehinini bagş edip, tomaşaçylara lezzet paýlady.
Hemmeler artist bilen bilelikde aýdym aýdyp, egsilmejek joşguna we kuwwatly güýje beslenip, tolkun atýana çalym etdi hem-de şol bir wagtda tüýs ýürekden mähribanlygyny beýan etdi.
Konsert görülip eşdilmedik derejede uly ruhybelentlik we şol bir wagtda-da şüweleňçi bilen tomaşaçylaryň arasynda emele gelen ýagdaýa görä, päk ýürekden mähribanlyk döretdi.
Şowhun meýilleşdirilen wagtyndan ep-esli uzak dowam etdi. Tomaşaçylar Jonyny goýberesleri gelmedi ...
ORIENT news
Foto we wideo: Süleýman ÇARYÝEW








