TDHÇMB-ky söwdalaşyklar: 1,7 müň tonna dizel ýangyjy eksporta iberildi


Duşenbe güni, 26-njy dekabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda Owganystandan gelen telekeçi gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň 1,7 müň tonnasyny satyn aldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Nebit önüminiň her tonnasynyň bahasy $950,25 boldy. «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan geleşigiň umumy bahasy $1,6 mln. amerikan dollaryna barabar boldy.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT habarlar
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








