Russiýanyň ýokary okuw jaýlary halkara hyzmatdaşlygy MA ýurtlaryna gönükdirýärler


Russiýanyň ýokary okuw jaýlary halkara hyzmatdaşlyk çelgisini Merkezi Aziýa ýurtlaryna täzeden gönükdirýärler. Bu barada Russiýanyň ýokary derejedäki iri okuw jaýlarynyň birinde – Sibir federal uniwersitetinde beýan etdiler – diýip, RIA Nowosti habar berýär.
SFU-niň metbugat gullugynyň bellemegine görä, bu sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk Russiýadaky bilimi halkara derejesine çykarmak strategiýasynda ileri tutulýan ugur bolar. Rus diliniň sözleýişiniň esasyny bilýändikleri we degişlilikde, has çuňňur bilimleri alýandyklary üçin sebitden gelýän talyplaryň uýgunlaşmasy örän çalt depginde bolup geçýär.
«Biz bar bolan tejribäni umumylaşdyrmak we, ilkinji nobatda, slawýan uniwersitetleriniň esasynda bu döwletler bilen özara gatnaşyklaryň düýbünden täze derejesine çykmak isleýäris. Bu ýokary ösüş mümkinçiligi bolan gowy hyzmatdaşlyk taslamasy bolup biler» – diýip, ýokary okuw mekdebiniň rektory Maksim Rumýansew belleýär.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynda dalaşgärler Russiýanyň uniwersitetlerine dürli maksatnamalar we kwotalar boýunça tölegsiz girip bilerler, sebitiň ýurtlary üçin bolsa ýerleriň sany gitdigiçe artar.
FU-iň halkara hyzmatdaşlyk müdirliginde «Aziýa tarap öwrülme» işewürlikdäki we ykdysadyýetdäki gatnaşyklaryň durnuklylygyna düýpli täsir ýetirer diýip, bellediler.
Häzirki wagtda Türkmenistandan 30 müňden gowrak talyp Russiýada okaýar.
ORIENT habarlar
Surat: unsplash.com








