HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nemes sarp edijileri üçin tebigy gazyň bahasy 2023-nji ýylda 112% gymmatlap biler

Dekabr 27, 2022 | 19:16 |7069
Germaniýanyň ýaşaýjylary dünýädäki energiýa gytlygy sebäpli 2023-nji ýylda elektrik energiýasynyň bahasynyň 44%, tebigy gazyň bahasynyň bolsa -112% gymmatlamagyna duçar bolup bilerler- diýip, Handelsblatt habar berýär.Germaniýanyň ýaşaýjylary dünýädäki energiýa gytlygy sebäpli 2023-nji ýylda elektrik energiýasynyň bahasynyň 44%, tebigy gazyň bahasynyň bolsa -112% gymmatlamagyna duçar bolup bilerler- diýip, Handelsblatt habar berýär.
Çeşme:

Germaniýanyň ýaşaýjylary dünýädäki energiýa gytlygy sebäpli 2023-nji ýylda elektrik energiýasynyň bahasynyň 44%, tebigy gazyň bahasynyň bolsa -112% gymmatlamagyna duçar bolup bilerler- diýip, Handelsblatt habar berýär.

«Federal hökümetiň energiýanyň bahalaryny çäklendirmegine garamazdan, ýanwar aýynda elektrik energiýasyny sarp edijiler 2021-nji ýylyň güýzünde, energiýa bazarlarynda bahalaryň galyp başlan halatlaryna garanyňda ortaça 44% köp tölärler. Gazyňky bolsa has gymmatlap, 112% bolmagyna garaşylýar» - diýip, nemes neşiri habar berýär.

Eger-de öň nemes öý hojalyklary bir kilowatt-sagada 40 ýewrosent töleýän bolsalar, sarp etmelere baha goýlanda federal hökümetiň çäklendirmesi aýrylandan soňra, ol görkeziji iki esse – 80 ýewrosente çenli ýokarlanyp biler.

Ortaça, eger-de ortaça hasaply nemes maşgalasy 4000 kilowatt sagada golaý sarp edýän bolsa, onda ol maşgala her ýylyna 1,700 ýewrodan gowrak tölemeli bolar. Getirilen hasaplama ähli nemes energiýa paýlaýjylaryna degişlidir: 700 sany gaz bilen üpjün edijilere we 800 sany elektrik togy bilen üpjün edijilere, şeýle hem 30-a golaý sebitleýin energiýa kompaniýalaryna degişlidir.

ORIENT habarlar
Surat: unsplash.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

16:58 Awgust 05, 2026
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026