Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň aýratynlyklary belli boldy


Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezine eden iş saparynyň dowamynda aýdyldy – diýip, ýurdumyzyň resmi metbugaty ýazýar.
Hususan-da, täze şäheri ýol hereketiniň statistiki maglumatlaryny awtomatiki usulda işleýän tehnologiýalar we programma üpjünçiligi bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Bu ýollardaky hakyky ýagdaýdan ugur alyp, swetoforlaryň kadalaşdyrylmagyny gowulandyrmalydyr.
Şeýle hem welaýatyň täze dolandyryş merkezinde döwrebap aragatnaşyk ulgamyny geçirerler. Bu şäheriň “akylly” tehnologiýalarynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmelidir.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň gelejekki elektron resminama dolanyşygy merkezleriniň eskizlerini görkezdiler. Ahalyň täze dolandyryş merkezinde şeýle hem uly we kiçi önümçilik kärhanalarynyň, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň dörediljekdigi bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, taslamanyň ikinji tapgyry täze iki gatly ýaşaýyş jaýlaryň toplumynyň we seýilgäh zolaklarynyň gurluşygyny hem göz öňünde tutýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä tejribesini ulanmak bilen bir hatarda, täze şäheriň gurluşygynda Türkmenistanyň bu ugurdan ýöriteleşen ýokary okuw jaýlarynyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň pikirlerinden hem peýdalanmagyň gerekdigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy birnäçe bellikler etdi we käbir meýilnamalara düzedişleri girizdi.
ORIENT habarlar
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








