HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa söwda-senagat merkezi we Hazar ýoly - sebitiň işleri

Dekabr 23, 2022 | 02:13 |6944
Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Şawkat Mirziýoýew we Kasym-Jomart Tokaýew penşenbe güni soýuzdaş gatnaşyklar hakymda şertnama we Özbegistan-Gazagystan döwlet serhedini kesgitlemek baradaky şertnama gol çekdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň hökümetleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň, iri kompaniýalaryň derejesinde 15 resminama gol çekildi. Olaryň arasynda "Merkezi Aziýa" Halkara senagat hyzmatdaşlyk merkezini döretmek baradaky çarçuwaly hökümetara ylalaşyk bar.Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Şawkat Mirziýoýew we Kasym-Jomart Tokaýew penşenbe güni soýuzdaş gatnaşyklar hakymda şertnama we Özbegistan-Gazagystan döwlet serhedini kesgitlemek baradaky şertnama gol çekdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň hökümetleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň, iri kompaniýalaryň derejesinde 15 resminama gol çekildi. Olaryň arasynda "Merkezi Aziýa" Halkara senagat hyzmatdaşlyk merkezini döretmek baradaky çarçuwaly hökümetara ylalaşyk bar.
Çeşme:

Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Şawkat Mirziýoýew we Kasym-Jomart Tokaýew penşenbe güni soýuzdaş gatnaşyklar hakymda şertnama we Özbegistan-Gazagystan döwlet serhedini kesgitlemek baradaky şertnama gol çekdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň hökümetleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň, iri kompaniýalaryň derejesinde 15 resminama gol çekildi. Olaryň arasynda "Merkezi Aziýa" Halkara senagat hyzmatdaşlyk merkezini döretmek baradaky çarçuwaly hökümetara ylalaşyk bar.

– Halkara senagat hyzmatdaşlygy merkezi biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna çynlakaý itergi bermeli. Akorda web sahypasynda berilýän habara görä, gepleşikleriň netijeleri boýunça geçirilen bilelikdäki metbugat brifinginde Gazagystanyň Prezidenti: “Täze merkez Merkezi Aziýanyň iň uly söwda we senagat merkezine öwrüler, şeýle hem ýurtlarymyzyň ulag we logistika mümkinçiliklerini giňelder” – diýip belledi.

Tokaýew 21-22-nji dekabr aralygynda Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitdäki söwda-ulag geçelgesiniň ösüşi barada-da pikir alyşdylar.

Gazagystanyň prezidenti:“Biz Transhazar halkara ulag ýoluny bilelikde ösdürmek babatda ylalaşdyk” - diýdi.

Gepleşikleriň dowamynda energiýa pudagynda, hususan-da uglewodorodlary üpjün etmek, üstaşyr geçirmek we gaýtadan işlemek boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň ýolbaşçylary Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak boýunça ikitaraplaýyn işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Bu ugurda bar bolan meseleleriň çalt çözülmegi üçin bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurlygy nygtaldy.

Şeýle hem, saparyň dowamynda 8 milliard dollarlyk söwda şertnamalary we maýa goýum şertnamalary baglaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026